Apple 2024-nji ýylda bar bolan iPad planşetlerini täzelemegi maksat edinýär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman Power On habar býulleteninde aýtdy. Apple 2023-nji ýylda iPad-iň ýekeje modelini hem çykarmady we onuň bu bölümdäki girdejisi üçünji çärýekde 10 göterim pese gaçdy. Apple 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda täze M3 çipleri esasynda 11 we 13 dýuýmlyk OLED ekranly iPad Pro-ny hödürlemek arkaly ýagdaýy düzetmekçi bolýar. Şeýle hem, kompaniýa iPad mini, Air we esasy model ýaly beýleki planşetleri ýylyň dowamynda täzelär. iPad-iň iň soňky çykarylyşy 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda, M2 çipleri bilen iPad-iň 10-njy nesli we iPad Pro hödürlenende bolup geçdi. Mundan başga-da, Apple 2024-nji ýylda MacBook Air, Mac mini, esasy AirPods gulaklyklaryny we başgalary täzelär. Şol bir wagtyň özünde täzelenen meşhur AirPods Pro 2025-nji ýyldan bärde çykmaz. Apple planşet bazarynda öňdebaryjydyr. IDC-niň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde iPad -iň bazardaky paýy 35,2 göterim, Samsung-yňky 23,1 göterim, Huawei-iňki bolsa 6,6 göterim boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir