Ilon Maskyň xAI kompaniýasy ulanyjylaryň dürli soraglaryna jogap bermäge ukyply Grok atly çat-botuny hödürledi. Iň meşhur ChatGPT-den tapawutlylykda, milliarderiň neýroulgamy çylşyrymly mowzuklardan sowlup geçmeýär we hatda degişmä salyp adama henek hem atyp bilýär. Munuňam sebäbi, Grok-yň beýleki zatlar bilen bir hatarda, ýazyjy Duglas Adamsyň “Ýol kölügli galaktika syýahat” atly kitaplar toplumyny öwrenenligidir. Degişmäni halamaýanlar ýa-da wäşilige gadyr goýmaýanlar AI-kömekçini ulanmasa gowy bolar diýip, xAI belleýär. Ilon Mask Grok-yň hemişe “dogruçyl we gönümel” jogap berýän iň “düýpli” çat-botdygyna ynanýar. Häzirki wagtda Grok-yň beta-wersiýasyna xAI-iň resmi web sahypasynda hasaba alynmak arkaly girip bolar - görnüşi ýaly, ol X (öňki Twitter) sosial ulgamy çuňňur birleşer. Çat-botuň köpçülige haçan elýeterli boljakdygy belli däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir