Noýabr aýynyň başynda emeli aňyň (AI) köp aýratynlyklaryny özünde jemleýän, ulanyjylar köpçüligine niýetlenen, Windows 11 üçin 23H2 täzelenmesi çykdy. Gürrüň hem-ä dürli programmalarda CoPilot sanly kömekçiniň işleýşi, hemem Paint-de neýroulgam şekilleriniň döredilişi hakda barýar. Soňky aýratynlyk ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Awstraliýanyň, Kanadanyň, Italiýanyň we Germaniýanyň käbir OS ulanyjylary üçin elýeterli. Grafiki redaktorda meşhur DALL-E neýrosetini ulanmaga we tekst beýany esasynda islendik şekili döretmäge mümkinçilik berýän Cocreator aýratynlygy peýda boldy. Ýöne bu ýerde ujypsyz bir aýratynlyk bar: suratlar wirtual karzlar arkaly döredilip bilner - başda ulanyjylara 50 sany wirtual teňňe berilýär, şondan soň olary pul bilen dolduryp bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir