Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini 2024-nji ýylyň tomsunda geçirip biler. Bu barada türgeniň toparynda TASS agentligine gürrüň berdiler. "Islam, indiki söweşini 2024-nji ýylyň tomsunda geçirer diýip garaşýarys. Mart aýyna çenli ol oktagona çykmaz, aýyň onuna bolsa Remezan başlaýar» - diýip, agentligiň söhbetdeşi habar berdi. Öň, Mahaçewiň agram derejesine garamazdan UFC-niň reýtinginiň başyny çekendigi barada habar beripdik. 21-nji oktýabrda Mahaçew ýeňil agram derejesinde çempion adyny ikinji gezek gorady. Ol Abu-Dabide UFC 294 ýaryşynda Wolkanowskini nokaut bilen ýeňdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir