7-nji noýabrda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri I.Darçiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada gruzin daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we mundan beýläk hem geljegi uly bolan giň gerimli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ýokary derejede saparlary guramak, şeýle hem ýakyn wagtda Aşgabat şäherinde Daşary işler ministrlikleriň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir