Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa guramanyň agza-döwletleriniň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň 10-njy sebitara mejlisine gatnaşdy. Mejlis 6-njy noýabrda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirildi. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen mejlise guramanyň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň Jogapkär sekretarlary gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gün tertibindäki möhüm meseleleri, şol sanda hasabatlara syn bermegi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn başlangyçlary seljermegi, sebit gurluşlary bilen ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň arasynda özara gatnaşyk tejribesini kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak meselesine aýratyn üns berildi. Bu sebitara mejlis ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň 2022-2029 ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň we 2026-2029-njy ýyllar üçin býujetiniň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga, guramanyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we strategiki özgertmelerde Milli toparlaryň orny barada pikir alyşmak üçin platforma bilen üpjün etmäge berk ygrarlylygyny görkezdi diýip, ýurdumyzyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir