6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş ýerinde iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, taraplar türkmen we eýran serhedinde hereket edýän gümrük nokadynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, harytlaryň barlagy we bu ugurda ulanylýan enjamlar, resmileşdiriş işleriniň alnyp barlyşy we sanly ulgamyň ulanylyşy, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatda alnyp barylýan işler we beýleki bar bolan tejribeler, şeýle hem demirýol hem-de awtomobil ulaglarynda ýükler daşalanda gümrük we logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi bilen birek-biregi ýakyndan tanyşdyrdylar diýip, ýurdumyzyň Gümrük gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir