Şu gün Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdiler. Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara ähmiýetli teklipleri birnäçe iri energetika taslamalarynda durmuşa geçirilmeginde öz anyk beýanyny tapdy we tapmagyny dowam edýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan–Hytaý, Türkmenistan–Eýran, Türkmenistan–Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny aýratyn görkezmek gerek. Şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri SWAP usuly bilen Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler. Şeýlelikde, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny pugta we yzygiderli alyp barýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir