8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, hasabat döwründe görlen çäreler barada hasabat berdi. Baş prokuror S.Mälikgulyýew Prezidentiň tabşyrygy boýunça degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýtdy. Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek hem-de paýtagtymyzda we welaýatlarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda abadançylygy üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän edaralarynda öňdebaryjy tehniki serişdeleri ulanmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eziz Watanymyzyň döwlet serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Adalat ministri M.Taganow döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barda hasabat berdi. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, yzygiderli artýan ýük daşamalaryny kadalaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, gündelik işde sanly ulgamyň ulanylyşy hem-de bu ulgama öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir