Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy. Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, Daşkent şäheriniň häkimi Ş.Umurzakow, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Iş saparynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde çykyş edip, Aşgabadyň guramanyň çäklerinde ykdysady täsirini ösdürmek baradaky garaýşyny beýan eder. Häzirki wagtda Türkmenistan YHG başlyklyk edýär. Bu guramanyň geçen, 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi. Ýurdumyzyň gurama başlyklyk eden döwründe söwda, ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energiýa pudaklarynda, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda YHG-niň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli konsepsiýa işlenip düzüldi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijesinde jemleýji resminama – Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir