Çagalary terbiýelemek işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin her ýyl täze usullaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Milli Bilim instituty (TMBI) Aşgabadyň we welaýatlaryň çagalar baglarynyň müdirleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär. TMBI-niň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölümleriniň ylmy işgärleri öz leksiýalarynda çaganyň irki ösüşi we çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça Döwlet maksatnamasyna girizilen wajyp meseleleriň durmuşa geçirilişine ünsi çekdiler. Okuw sapaklarynyň dowamynda pedagoglar amaly işlerde öwretmegiň innowasion sanly serişdelerini ulanmagyň usulyýetini öwrendiler. Amaly iş bilen tanyşmak we hünär tejribesini alyşmak üçin mekdebe çenli bilim edaralarynyň ýolbaşçylary 147-nji çagalar bagyna baryp gördüler. Matematika ugurly mekdebe çenli bilim edaralarynda matematikanyň we logikanyň esaslarynyň öwredilişine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler hem gozgaldy. 4-nji noýabrdan paýtagtymyzyň 57-nji mekdebinde terbiýeçiler üçin hünäri ýokarlandyrmagyň usuly-amaly seminarlary başlandy. Bir aýyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlary nazary bilimleri alarlar we amaly iş tejribeleri bilen paýlaşarlar. Şeýle-de, bilim ulgamynda ösen we sanly tehnologiýalary ulanmagyň usullaryny öwrenmek bilen, hünär ussatlygyny ýokarlandyrarlar.