Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag pudagyndaky degişli ministrlikler Aziýa bilen Ýewropany “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe” ugry arkaly birleşdirjek halkara multimodal geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan köptaraplaýyn duşuşygyň teswirnamasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär. Resminama Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň Daşkentde geçirilen 12-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi. Habara görä, gol çekilen teswirnama şulary göz öňünde tutýar: Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük gatnawyny guramak; bäsdeşlik haklaryny ulanmak we Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýollary arkaly ýük daşamak üçin amatly şertleri döretmek; ugur boýunça ýük gatnawlaryny guramakda hukuk we tehniki ülňüleri unifisirlemek boýunça çäreleri bilelikde işläp taýýarlamak. Taraplar bu ugra gatnaşyjy döwletleriň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir