Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Goňşy döwletleriň Baştutanlary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Şeýle hem taraplar halkara we sebitara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir