Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde öz işine başlan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu Guramanyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de YHG gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu düzümiň çäklerindäki bilelikdäki işiň dowamynda uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat döredýän tejribe toplanyldy. 2021-nji ýyldan bäri Guramada başlyklyk etmeginiň dowamynda Türkmenistan ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýa laýyklykda, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi. Hususan-da, bu döwür üçin ýurdumyz syýasatda, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, YHG-niň işiniň many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny, ulag, energetika ulgamlarynda yzygiderli we anyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, bu hyzmatdaşlygyň sanlylaşdyrylmagyny, ekologiýa ulgamynda tehnologiýalaryň paýlaşylmagyny hem-de tejribe alşylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Sebit, yklym we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna täsir eden ählumumy pandemiýa ýagdaýynda munuň özi has-da uly ähmiýete eýe boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir