Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 15-nji noýabrda Baýramaly etrap medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidirler. Bu Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Baýramaly şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 17-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993564-6-26-76; +993564-6-04-03