Türkmenistanda öňdebaryjy doly derejeli inžener-gurluşyk kompaniýalarynyň biridir. Kompaniýanyň esasy ýöriteleşen ugry nebitgaz, senagat we energetikaa gurluşygydyr. «Injener Chozgutleri» türkmen bazarynda 12 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän döwründe ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraý gazandy. «Injener Chozgutleri» kompaniýasy 2011-nji ýylda esaslandyrylyp, esasan, senagat we energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek bilen meşgullanýar. Dowamly esasda ýokary hünär derejeli inženerleriň topary emele geldi, bu bolsa kompaniýanyň inžener-gurluşyk profilini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. «Injener Chozgutleri» işlän ýyllarynyň dowamynda 135-den gowrak taslamany doly taýýar edip tabşyrdy. Kompaniýanyň 570-den gowrak işgäri, şol sanda 76 sany inžener-tehniki düzümi bar. Ýokary derejeli hünärmenleriň hünär derejesi we kompaniýanyň işiniň hili «Calik Enerji», «Dragon Oil», «Bouygues», «Eni», «ATVAGA Energy LLC», «BEE Consulting», «Petronas Carigali» we beýleki kompaniýalar bilen ynamly hem-de uzak möhletli gatnaşyklaryň berkemegine getirdi. Şeýle hem Türkmenistandaky esasy ofisinden başga-da, daşary ýurtlarda ýene iki ofis açyldy. «Injener Chozgutleri» kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlary: - Inženerçilik. - Binalaryň energetika modelirlemesi. - Ýangyny we gazy kesgitlemek ulgamlarynyň 3D seljermesi. - Nebitgaz senagatynyň we energetika desgalarynyň gurluşygy. Tehniki taýdan hyzmat ediş işleri: Barlag-gözleg enjamlary we awtomatika (КИП и А) Tehnologik turba geçirijileri oturtmak Enjamlary gurnamak Synagdan geçirmek we ulanyşa girizmek Poslama garşy gorag Ätiýaçlyk çelegini (rezerwuar) arassalamak Ýylylyk izolýasiýasy boýunça işler Senagat sekilerini gurnamak boyunca işleri «Injener Chozgutleri» «FSDS» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda senagat ugurly suwa çümmek we suwasty barlag işlerini alyp barmak bilen, hyzmatlarynyň täze ugurlaryny ösdürýär. «Injener Chozgutleri» kompaniýasynyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Görogly köç., 122, «Aşgabat Ýalkymy» söwda merkezi, 4-nji gat. Habarlaşmak üçin telefon: (+993 12) 90 67 02 Kompaniýanyň saýty: www.es-tkm.com Elektron poçta: dcc1@es-tkm.com

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir