6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Sarahs—Sarahs» barlag-goýberiş nokadynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi. Iş duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Meýilnamada göz öňünde tutulýan çäreleriň durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy. Ýadymyzda bolsa, bu Meýilnama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilipdi. Şeýle hem, iş duşuşygynda taraplar türkmen we eýran serhedinde hereket edýän gümrük nokadynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, harytlaryň barlagy we bu ugurda ulanylýan enjamlar bilen birek-biregi ýakyndan tanyşdyrdylar. Mundan başga-da taraplar resmileşdiriş işleriniň alnyp barlyşy we sanly ulgamyň ulanylyşy, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatda alnyp barylýan işler we beýleki bar bolan tejribeler, şeýle hem demirýol hem-de awtomobil ulaglarynda ýükler daşalanda gümrük we logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi dogrusynda tejribe alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir