2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 7,41 milliard amerikan dollaryna deň tebigy gazy Hytaýa eksport etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berdi. Türkmenistan hasabat döwründe Hytaýa tebigy gaz eksport etmekde ikinji orundan ýer aldy. Sanawyň birinji basgançagyny şu ýylyň dokuz aýynda umumy bahasy 8,92 milliard amerikan dollaryna barabar tebigy gazy Hytaý bazaryna iberen Russiýa Federasiýasy eýeledi. Şeýle-de ilkinji bäşlikden Indoneziýa (2 milliard dollar) Mýanma (1,12 milliard dollar) hem-de Gazagystan (959 million dollar) orun aldy. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hytaýa iberilen türkmen gazynyň umumy bahasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 90 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Has takygy, 2022-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan umumy bahasy 7,32 milliard amerikan dollaryna barabar «mawy ýangyjy» Hytaýa eksport edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir