AFK Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyryndan orun alan «Ahal» — «Pahtakor» oýny deňlikde tamamlandy. «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda jemlendi. Oýundaky hasap 81-nji minutda «Ahalyň» oýunçysy Alibek Abdyrahmanow tarapyndan açyldy. Şondan soňra «Ahalyň» oýunçylary garşylyklaýyn hüjümleriň birnäçesini guradylar, emma olardan peýdalanmak başartmady. «Pahtakor» oýnuň esasy wagtyna emin tarapyndan goşulan 5-nji minutda standart pursatdan hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy. Duşuşygyň esasy wakalarynyň hatarynda 64-nji minutda «Pahtakoryň» ýarymgoragçysy Odil Hamrobekow göniden-göni gyzyl kart alyp, meýdançadan kowuldy. Şeýle-de, eminiň «Ahalyň» peýdasyna berilmeli iki sany jedelli penaltini bermändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, dört oýundan soňra «Ahalyň» we «Pahtakoryň» hasabyndaky utuklar dörde ýetdi. «A» toparçadaky beýleki oýun bolsa şu gün «Al-Feýha» we «Al-Aýn» toparlarynyň arasynda geçiriler. «Ahal» AFK Çempionlar ligasyndaky indiki oýnuny 28-nji noýabrda geçirer. Şol gün «Ahal» Saud Arabystanynda «Al-Feýhanyň» myhmany bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir