Keniýada we Somalide ýagan güýçli ýagyşlardan soňra dörän sil joşmalary sebäpli azyndan 30 adam heläk boldy. On müňlerçe adam öýüni terk etmäge mejbur boldy diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» belarus saýty ýazýar. Somalide adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, tebigy betbagtçylyklar netijesinde öýler, ýollar we köprüler harap boldy. Keniýada Gyzyl Haç güýçli ýagyşlardan pida bolanlaryň sanynyň 15-e ýetendigini habar berdi. Esasan hem ýurduň Mombasa port şäheri ejir çekdi. Sil suwlary oba hojalyk ýerleriniň 100 gektara golaýyny ýok etdi, 1067 sany öý haýwany heläk boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir