9-njy noýabrda AFK Kubogynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Altyn asyr» — «Merw» oýny geçiriler. Oýun sagat 19:00-da başlanar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň öňýanyndaky günde «Aşgabat» stadionynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat ýygnagy geçiriler. 8-nji noýabr, çarşenbe: 11:30 — «Mewriň» baş tälimçisi Witaliý Alikperowyň hem-de toparyň oýunçysynyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy; 11:45 — «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň hem-de toparyň oýunçysynyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy; Ýeri gelende bellesek, AFK Kubogynyň 3-nji tapgyrynda «Altyn asyr» «Merwi» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Häzirki wagtda AFK Kubogynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriljek «Altyn asyr» — «Merw» oýnunyň petekleriniň satuwy dowam edýär. Petekleri «Aşgabat» stadionynyň kassalaryndan, şeýle-de «Berkarar», «Gülzemin» we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda we dynç alyş merkezlerindäki satyş nokatlaryndan satyn alyp bilersiňiz. Bir petegiň bahasy — 30 manat.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir