Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurduň ähli edaralary we kärhanalary üçin 2024-nji ýylyň iş wagtynyň ölçeglerini tassyklady. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi. Bildirişe görä, 2024-nji ýylda baýramçylyk günlerini hasaba almak bilen, sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlyly şu aşakdaky ýaly bellenildi: 40 sagatlyk iş hepdesi üçin – 166,9 36 sagatlyk iş hepdesi üçin – 151. Iş wagtynyň ölçeglerini döwlet edaralaryna-da, hususy kärhanalara-da degişlidir. «Şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär: 1-nji ýanwar - Täze ýyl baýramy; 8-nji mart - Halkara zenanlar güni; 21-22-nji mart - Milli bahar baýramy; 18-nji maý - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni; 27-nji sentýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni; 6-njy oktýabr - Hatyra güni; 12-nji dekabr - Halkara bitaraplyk güni. Şeýle hem 2024-nji ýylda 10-njy aprelde - Oraza baýramy we 16-17-18-nji iýunda - Gurban baýramy belleniler. Şu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr» diýlip habarda bellenilýär. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda adaty iş hepdesi 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagat, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagat hem-de 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagat bolup biler.