Russiýadaky Kiçi teatryň çeper ýolbaşçysy, SSSR-iň halk artisti Ýuriý Solomin Moskwanyň hassahanalarynyň birine agyr ýagdaýda ýerleşdirildi. Onuň taby agyr diýlip hasaplanýar diýip, «RIA Nowosti» habar berdi. «Reanimasiýa bölüminde ýatyr. Ýagdaýy agyr, akyly saz, özbaşdak dem alýar» diýip, lukmanlar habar berdiler. Görnükli artist Ýuriý Solomin 1935-nji ýylda Çita şäherinde doguldy. 1961-nji ýylda Şepkin adyndaky ýokary teatr uçilişşesinde talyplara sapak berip başlady, ol aktýorlyk ussatlygy kafedrasynyň professorydyr. Kiçi teatrda režissýor bolup işleýän Solomin birgiden nusgawy çeper filmlerde we teatr sahnalarynda ýatdagalyjy keşpleri döretdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir