7-nji noýabrda Türkmenistanda ÝHHG tarapyndan okuw-seminary guraldy. Onda ÝHHG-ä gatnaşýan döwletleriň halkara maýa goýumlary we netijeli maýa bazarlaryny ösdürmekde hem-de işlemekde öňdebaryjy tejribeleri tanyşdyryldy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi. Çäräniň barşynda halkara hünärmenler esasy we ikinji derejeli gymmatly kagyzlar bazarlarynyň ösüşi hem-de işleýşi barada giňişleýin maglumat berdiler, şeýle hem alyş-çalyş elektron söwdasyny guramagyň hem-de işlemegiň tertibini düşündirdiler. «Soňky ýyllarda Türkmenistan işewürlik we maýa goýum howasyny ösdürmek hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin yzygiderli ädimler ätdi» diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ykdysady-ekologiýa bölüminiň başlygynyň borçlaryny ýerine ýetiriji Uilýam Lif belledi. «ÝHHG-niň Merkezi bu möhüm ugurlarda Türkmenistana giňişleýin maslahat we tehniki goldaw bermegi dowam etmäge taýýardyr» diýip, Uilýam Lif sözüniň üstüni ýetirdi. Seminarda gymmatly kagyzlar bazaryndaky esasy gatnaşyjylara we dellalçylyk, bellige alyjy, depozitar, alyş-çalyş we kadalaşdyryjy işleriň çägindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hünärmenler wirtual aktiwlere we Bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagy bilen bagly töwekgelçiliklere hem syn berdiler. Seminar garyşyk görnüşde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Aşgabat gazna biržasynyň wekilleri, dellallar we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir