Alymlar häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi arkaly «Apollon-17» howa gämisiniň astronawtlarynyň 1972-nji ýylda getiren Aý topragyny barladylar hem-de Aýyň hakyky ýaşyny kesgitlediler. Hünärmenlere Ýeriň tebigy hemrasynyň mundan 4,46 milliard ýyl öň emele gelendigini kesgitlemek başartdy. Aý öň çak edilişinden 40 million ýyl töweregi uly eken diýip, «Life.ru» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar. Gün ulgamynyň we planetanyň öz ýaşy takmynan 4,57 milliard ýyl. Aý Ýeriň döremeginden 110 million ýyl soň döräpdir. Diýmek, tebigy hemra Zeminiň peýda bolan döwründäki bilen deňrak döräpdir. Esasy çaklama görä, Aý Ýer nabelli planeta bilen çaknyşandan soň emele gelipdir. Munuň dogry bolmagam mümkin, sebäbi Gün ulgamynyň emele gelip başlan döwründe planetalaryň orbitasynyň ulgamy durnuksyz ekeni. Aýyň döremegi bilen, howa kadalaşypdyr we janly organizmler uýgunlaşyp başlapdyr. Galyberse-de, Aý Ýeriň aýlanmagyny haýalladyp, gije-gündizler uzapdyr we fotosintez hadysasy üçin has köp wagt döräpdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir