Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Uly ýediligiň» we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Oňa onlaýn görnüşde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilmegine görä, duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Duşuşygyň barşynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady ösüş, «ýaşyl» özgertmeler we energiýa çeşmelerinden durnukly peýdalanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň we «G7» ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň her bir ýurduň aýratynlyklaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutup, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanmalydygyny nygtady. Türkmen tarapy duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen birnäçe tekliplere çekdi, olar Merkezi Aziýa we «G7» döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan hem möhüm häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlyk we durnukly ösüş, wodorod energetikasy, ulag we logistika, howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlarda, şeýle hem energiýa kuwwatlylygy ösdürmek, şol sanda, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir