Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynda GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriniň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçildi. Türkmenistanda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady ýokary derejede guralan foruma Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan Respublikasynyň, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Maglumat boýunça GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Forumyň gün tertibinde GDA azga ýurtlaryň maglumat kommunikasiýa pudagynda bazary ösdürmek boýunça özara täsir mehanizmleriniň ähmiýetini artdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlyklary has-da işjeňleşdirmek, köpçülikleýin aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek babatda pikir alşyldy. Şeýle hem Internet maglumaty we telekommunikasiýa toruny ulanmak boýunça hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de ösdürmek, häzirki zaman maglumat kommunikasiýa programmalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek babatdaky çykyşlara giň orun berildi. Şonuň ýaly-da, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, umumy maglumat giňişligini döretmek ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etmek we giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir