7-8-nji noýabrda Daşkentde Merkezi Aziýada söwdany aňsatlaşdyryş milli komitetleriniň 10-njy sebitleýin ýygnagy geçirilýär. Oňa sebitiň ýurtlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşýar diýip, «UzDaily.uz» habar berýär. Iki günlük duşuşyk Germaniýanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Ministrliginiň (BMZ) adyndan Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýeti — tarapyndan guraldy. Duşuşyk «Merkezi Aziýada söwda işiniň ýeňilleşdirilmegi» taslamasynyň çäginde geçirilýär diýip, çeşme belleýär. Sebitleýin ýygnaga Merkezi Aziýadan söwdany ýeňilleşdirmek çärelerini kadalaşdyrmak we olary durmuşa geçirmek bilen bagly iş alyp barýan wekiller gatnaşýar. Duşuşykda soňky 20 ýylda milli döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýynyň, umuman alanyňda, daşary söwda dolanyşygynyň 15 göterimine barabardygy bellendi. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri söwdany ösdürmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek we sanlylaşdyrmak boýunça tejribe alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir