Şu gün Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XVI sammitiniň öňüsyrasynda gurama agza döwletleriň gatnaşmagynda işewürlik duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Uzdaily» saýty habar berdi. Işewürlik forumy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriniň, degişli döwlet edaralarynyň, banklarynyň hem-de hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini bir ýere jemledi. Hususan-da, forumyň işine Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Türkiýeden 300-den gowrak hünärmen gatnaşdy. Forumda geçirilen gepleşikleriň we pikir alyşmalaryň esasy temasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden, bu babatda täze mümkinçilikleri öwrenmekden ybarat boldy. Işewürlik forumynyň ahyrynda gatnaşyjylar şeýle çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, YHG döwletleriniň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle-de forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesi guraldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir