Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň daşary işler ministri I.Darçiaşwili bilen duşuşygy geçirildi. 7-nji noýabrda bolan duşuşygyň dowamynda diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we geljegi uly bolan giň gerimli ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli we uzak möhletleýin esasda gurulýar hem-de üstünlikli ösdürilýär. Söhbetdeşler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty hemmetaraplaýyn ösüşiň, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň täze geljegini we mümkinçiliklerini açmak bilen, häzirki döwür üçin wajyp we ýerlikli bolup durýandygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki saparlary guramak, şeýle-de ýakyn wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir