«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky topardaşy, ýaryşyň pleý-off tapgyryna ilkinji bolup çykmagy başaran Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýny» baş tälimçisi Alfred Şrýoder bilen hoşlaşylandygyny habar berdi. Bu täsin habar futbol jemgyýetçiliginde haýran galma bilen kabul edildi. Dek düýnüň özünde myhmançylykda Saud Arabystanynyň «Al-Feýhasyny» 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagy başaran toparyň baş tälimçisi bu gün işden gitmek isleýändigini mälim etdi we onuň bu islegi kanagatlandyryldy. 51 ýaşly niderlandly hünärmen «Al-Aýn» bilen BAE-niň Premýer-ligasynyň yzda galan 7 tapgyryndan soňra üçünji orny eýeleýär. Alfred Şrýoderiň «Barselonada» Ronald Kumanyň, «Aýaksda» bolsa Erik ten Hagyň kömekçisi bolup işländigini ýatladýarys.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir