7-nji noýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasynda jogapkärli duşuşyk geçiren «Ahal» bary-ýogy bir günlük arakesmeden soňra Ýokary ligada duşuşyga çykar. Topar ertir ― 9-njy noýabrda Mary şäherinde ýerli «Energetik» bilen 10-njy tapgyryň galdyrylan duşuşygyny geçirer. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu duşuşygyň «Energetik» stadionynda geçiriljekdigini we onuň sagat 15:30-da başlanjakdygyny habar berdi. Duşuşyga paýtagtly N.Garajaýewiň ýolbaşçylygyndaky topar eminlik eder. Yzda galan 21 tapgyrda 16 duşuşyk geçiren «Ahalyň» 20 utuk bilen altynjy orunda barýandygyny ýatladýarys. Soňky iki tapgyrdan bäri üstünlikli oýny orta goýup gelýän «Energetigiň» bolsa 18 duşuşykda 16 utugy bar. «Ahal» bilen «Energetik» ýaryş tertibinde goňşy. 10-njy tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Köpetdagyň» myhmançylykda «Şagadamy», «Altyn asyryň» hem myhmançylykda «Nebitçini» şol bir hasap ― 1:0 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. Paýtagtda geçirilen «Aşgabat» ― «Merw» duşuşygy bolsa 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir