6 — 8-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti iş sapary bilen Saud Arabystany Patyşalygynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Mejlisiň wekilleri Er-Riýadda Saud Arabystanynyň Şura geňeşiniň binasynda geçirilen Parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşdylar. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn esasda döredilen dostluk toparlarynyň parlament işi boýunça tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir