Özbegistanyň «Pahtakor» futbol toparynyň baş tälimçisi Maksim Şaskih AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çäginde «Ahal» bilen geçiren duşuşyklaryndan soňky metbugat ýygnanyşygynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Bu ýygnanyşyga «Turkmenportalyň» habarçysy hem gatnaşdy. ― Elbetde, netije bizi kanagatlandyrmady, sebäbi biz Aşgabada diňe ýeňiş gazanmak üçin geldik. Ýöne şeýle duşuşykda deňlik hem ylalaşyp bolmaz ýaly netije däl. ― Siziň pikiriňizçe, topar psihologiki taýdan oýna taýýar däldimi? ― Hawa, bu, esasan hem, birinji ýarymda bildirdi. Biz meýdanda gürleşenimizden düýbünden başgaça oýny orta goýduk. Ne çalt oýnap bildik, ne-de howply pursatlary döretdik. Garşydaşyň jerime meýdançasynda ilkinji howply pursadymyzy 46-njy minutda döredip bildik. Beýle oýun bilen ýeňiş gazanyp bilmersiňiz. Ikinji ýarymda biraz özümize geldik. Hasap heniz 0:0-ka iki sany howply pursady döredip bildik. Şolaryň iň bolmanda birinde gol geçirip bilen bolsak, ýagdaý başgaça bolardy. Ýöne başa barmady. Duşuşygyň iň soňky sekuntlarynda hasaby deňläp bilenimize bolsa begenýäris. «Pahtakoryň» baş tälimçisi eminiň 64-nji minutda Odiljon Hamrobekowy oýundan çykarmak barada gelen çözgüdi bilen ylalaşýandygyny aýtdy. ― Ol garşydaşyny ýykan dessine kömekçilerime munuň gyzyl kart bilen tamamlanjakdygyny aýtdym. Odil top bilen oýnamaga synanyşmadam. Dogry, ol soň tutuş topardan ötünç sorady. Ýöne, her niçik hem bolsa, duşuşykda käbir duýgulary ýeňmeli bolýar. Futbolçylaram siziň, meniň ýaly adam. Esasan hem, duşuşygyň dartgynly pursatlarynda özüňe erk etmek kyn. Käte bolsa gaharymyz serhediň daşyna çykýar. ― Meýdanda bir oýunçyňyz azalansoň nähili görkezmeleri berdiňiz? ― Ikinji ýarymda özümizi dürsäp, meýdana has çalasyn hüjümçilerimiziň birini goýberdik. Meýdanyň merkezindäki oýunçylarymyzy bolsa goraga kömek etmäge çagyrdyk. Şu ýyl bizde on oýunçy bilen oýnamaly duşuşyklarymyz seýrek bolmady. Haýran galsaňyzam, bir oýunçymyz azka, meýdanda doly düzümden gowy hereket etdik. Oýunçylarymyz bu gezek has okgunly hereket edip başladylar. ― «Ahalyň» oýny barada näme aýdyp bilersiňiz? ― «Ahal» Daşkentdäkisinden gowy oýnady. Biz muňa garaşýardygam. Topar taksikasyny üýtgetmedi, gorag ýene-de esasy merkezde boldy. Biz «Ahalyň» bu oýnuna garşy kimiň nähili hereket etmelidigini gürleşipdik, ýöne oýunda käte etsem-goýsamyň başa baranok. ― Toparyňyzyň pleý-offa çykyp bilmek mümkinçiligine nähili baha berýärsiňiz? ― Bar, henizem mümkinçiligimiz bar. Heniz öňümizde iki oýun dur. ― Ýöne: «Iki utuk ýitirdik» diýip pikir edeňzokmy? ― Belki bir utuk gazandyk, belki-de ikisini ýitirdik. Haýsynyň bolup geçendigini bilemok. Tebigy ýagdaý. Ýene utuk ýitirip bileris. Ýöne başa barmadyk işlerde-de haýyr bardyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir