«Turkmenportalyň» habarçysynyň berýän habaryna görä, «Ahal» futbol toparynyň baş tälimçisi Serdar Geldiýew AFK-nyň Çempionlar ligasynyň dördünji tapgyrynyň çäginde «Pahtakor» bilen 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykdan soňra pikirlerini paýlaşdy. ― Netije bizi kanagatlandyrmady. Biz hasapda öňde, san boýunça-da köpdük. Barybir öňdeligimizi ahyrky sekuntlarda gidirdik. Muny hem duşuşygyň ahyrynda ünsümiziň dagamagy bilen baglanyşdyrýaryn. Ýöne bu futbol, duşuşygyň soňundan etjek zadyň ýok. Öňümizde ýene iki oýun bar, iň gowy şekilde taýýarlanyp, netije gazanmaga çalşarys. ― Topar meýdanda juda batyrgaý hereket etdi. Daşkentdäki duşuşykdan soň oýunda nämeleri üýtgetdiňiz? ― «Pahtakoryň» birinji oýunda köpräk oýnan, hüjüme geçen ýerlerini ýapmaga çalyşdyk. Şonuň üçin hem olaryň uzyn paslarynyň öňüni aldyk, batyrgaý hereketlerimiz bilen kynçylyklary döretdik. ― «Ahalyň» toparçadan çykyp bilmek mümkinçiligine nähili baha berýärsiňiz? ― Häzirlikçe, mümkinçiligimiz saklanyp galýar. Biz ýaryşyň ahyryna çenli ýiti göreşiň içinde bolarys. Serdar Geldiýew baş tälimçi hökmünde ýerli meýdanda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň duşuşygyny geçirmegiň täsirlerini hem paýlaşdy: ― «Ahalyň» baş tälimçisi hökmünde Aşgabatda ilkinji gezek Çempionlar ligasyndaky duşuşygymy geçirdim. Bu ― meniň üçin täze tejribe. Görelde alýan tälimçileri barada berlen sowala bolsa ol şeýle jogap berdi: ― Biz zat aýtmak kyn. Kimdir birinden nämedir bir zady göçürmek tebigatymda ýok. Meniň öz oýun uslybym bar. Haýsydyr bir pursatda haýsydyr bir kärdeşimiň nähili çözgüt çykarýandygyny görüp bilerin, ýöne netije çykarmak özüme bagly. Özüňiz görýärsiňiz, bir topar ýaş oýunçymyz bar. Olar bu gün ähli tabşyryklarymyzy gyşarnyksyz ýerine ýetirdiler. Baş tälimçi metbugat ýygnanyşygynyň ahyrynda janköýerlere hoşallyk bildirdi: ― Gyzgyn goldawy üçin janköýerlerimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Olar bizi ilkinji sekuntlardan başlap, duşuşygyň ahyryna çenli goldadylar. Ýeri gelende bellesek, duşuşyga 17 müň 270 adam tomaşa etdi. «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda indiki duşuşygyny 28-nji noýabr güni myhmançylykda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» topary bilen geçirer. Şol gün «Pahtakor» BAE-de «Al-Aýnyň» myhmany bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir