“Red Bull-yň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň 20-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauluda geçirildi. Ikinji orny “Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris eýeledi. Üçlügi “Aston Martinden” ispaniýaly Fernando Alonso jemledi. Ispaniýaly ýaryşa gatnaşyjy 106-njy gezek münbere çykyp, bu görkeziji boýunça dördünji orny eýeledi we fransiýaly Alen Prost bilen deňleşdi. Şeýle-de, üçlüge has köp girenleriň hatarynda germaniýalylar Sebastýan Fettel (122) we Mihael Şumaher (155) hem-de britaniýaly Lýuis Hemilton (197) bar. Werstappen häzirki möwsümde 17-nji ýeňşini gazandy we bir ýylda utan Gran-prileriniň sany boýunça oktýabr aýynyň ahyrynda Meksikadaky ýaryşda goýan rekordyny täzeledi. Braziliýadaky ýeňiş niderlandly üçin “Formula-1-de” çykyş edip başlany bäri 52-nji boldy, ol Prostdan öňe geçip, arassa dördünji orna çykdy. Ondan öňde Fettel (53), Şumaher (91) we Hemilton (103) bar.