Türkmen türgenleri ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda ýedi medal – bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar. 63 kg çenli agram derejesinde iň ýaş türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda Daýanç Durdynepesow üstünlikli çykyş edip, milli toparyň hasabyna bir altyn medal goşdy. 48 kg çenli agram derejesinde Sanjar Hamraýew kümüş medala mynasyp boldy. Ýene bir kümüş medaly Abdylla Hojaýew (50 kg çenli) aldy. Bürünç medalyň eýesi 54 kg çenli agram derejesinde Seýitjan Babajanow boldy. Ýaşlaryň arasyndaky çempionatda hem türkmen topary gowy netije görkezip, üç medal gazandy. Kümüş medalyň eýesi 57 kg çenli agram derejesinde Aziz Glyjow boldy. Bürünç medallary Yhlas Bagtyýarow (75 kg çenli) we Mustapa Muhammetdurdyýew (92 kg çenli) aldy. Belläp geçsek, 13 agram derejesinde çempionatyň baýraklaryny almak ugrunda jemi 23 ýurtdan 200-e golaý türgen göreşdi.