Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Aragatnaşyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 59-njy mejlisi we bu döwletleriň utgaşdyryjy geňeşiniň 29-njy mejlisi geçiriler. Bu barada «Belta» agentligi habar berdi. Habar berlişi ýaly, GDA agza döwletleriň Aragatnaşyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 59-njy mejlisiniň çäklerinde maglumat we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar. Bu ugurda Arkalaşygyň çäklerinde sebit we halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlaryna serediler. Mejlislerde Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda özara ylalaşylan çözgütler kabul ediler. Belarus Respublikasynyň aragatnaşyk we maglumatlaşdyrma ministri Konstantin Şulgan bu mejlislere gatnaşjakdygyny aýtdy. Onuň nygtamagyna görä, bu mejlis Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda strategik ugurlary kesgitlemäge we çözgütleri kabul etmäge, şeýle hem aragatnaşyk pudagynda Belarus Respublikasynyň ýeten üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.