Günorta Koreýanyň “ONDO” döredijilik topary Türkmenistanda geçirilen Koreýanyň medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aşgabatlylar üçin konsert berdi. Diňleýjileriň aglabasy keý-pop aýdym-saz ugruny halaýan ýaşlardy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär. Üç sazandadan ybarat “ONDO” topary dünýä meşhur bolan “BTS” aýdym-saz toparynyň täsiri bilen döredildi. Topardaky sazandalaryň ortaça ýaşy 27 ýaş. Geçirilen konsert “BTS-iň” repertuaryndan “Butter” aýdymy bilen açyldy. Sazandalar arzuwlar, söýgi, daşky dünýäniň owadanlygy barada “Seni gujaklasym gelýär”, “Sen örän mähirli”, “Sen iň owadan” ýaly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Koreýanyň medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen bu konsert halklarymyzyň arasyndaky halkara dostluk gatnaşyklarynyň jebisligini ýene bir gezek görkezdi. Bu hakykat ÝUNESKO-nyň Aşgabady dünýäniň döredijilikli şäherleriniň hataryna goşmak kararyna gelmekde esaslylygyny tassyklaýar.