UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Islam Mahaçew indiki tutluşygyny amerikaly meşhur pälwan Jastin Getjä garşy geçirer. Muny tanymal menejer Ali Abedel-Aziz X (öňki Twitter) sosial ulgamy arkaly yglan etdi. Ondan öň metbugatda Mahaçewiň indiki garşydaşynyň braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra boljakdygy barada myş-myşlar peýda bolupdy. Şeýle-de bolsa, russiýaly söweşijiniň menejeri Ali Abedel-Aziz bu maglumatlary ret edip, Jastin Getjiniň Mahaçewiň indiki garşydaşy boljakdygyny aýtdy. Islam Mahaçewiň soňky söweşi 21-nji oktýabrda Abu-Dabide (BAE) bolan UFC 294 ýaryşynda geçdi. Onuň garşydaşy awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski bolupdy. Mahaçew birinji raundda garşydaşyna haý-kik urup, soňundan yzygider urgular bilen ony ýeňlişe sezewar etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir