Amaly geofizika institutynyň (AGI) maglumatlaryna görä, güýçli magnit hadysasy garaşylmadyk ýagdaýda Ýeri gurşap aldy. Maglumatda bellenilişi ýaly: "5-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda geomagnit tolgunmalary hasaba alyndy". Kosmos howa gözegçiliginiň maglumatlaryna görä, Ýeriň magnit meýdanynyň tolgunmasynyň derejesi G3-e çenli ýokarlandy, bu ylmy klassifikasiýa görä “güýçli” diýmekdir. Bu derejede energetika ulgamlarynda meseleler döräp biler, şol sanda howpsuzlyk ulgamlarynda galp duýduryşlar işläp, nebit transformatorlarynyň “gaýnamagy” ýüze çykyp biler diýip bellenilýär. Mundan başga-da, hemra we pes ýygylykly radio nawigasiýasynyň we ýokary ýygylykly radio aragatnaşygynyň kesilmegi mümkin. "Orta giňişliklerde polýar şapagyna syn etmek bolar" – diýip, materialda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir