6-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Diplomatlar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegini we pugtalandyrylmagyny bellediler we bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we logistika, himiýa pudagy, senagat, oba hojalygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugry boýunça netijeli özara gatnaşyklara ünsi çekdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir