AnTuTu bençmarkynyň soňky maglumatlaryna görä, Honor-yň eplenýän flagmany Magic V2 iň gowy görülýän Android smartfonlarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada ferra.ru habar berýär. 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň başynda geçirilen pikir soraşma görä, çeýe ekranly bu gajet ulanyjylardan 96,15% oňyn ses aldy. Onuň yzyndan 95,78% ses bilen Samsung Galaxy S23 Ultra gelýär. Üçünji orny 95,45% oňyn ses bilen ýene bir çeýe ekranly smartfon Xiaomi MIX Fold 3 saklaýar. Şeýle netijeler diňe bir sarp edijileriň arasynda çeýe ekranlaryň meşhurlygynyň artýandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem Samsung we Xiaomi ýaly tehnologiýa ägirtlerinden öňe geçmegi başaran Honor-yň önümleriniň ýokary hillidigine şaýatlyk edýär. Bu Honor Magic V2 sarp edijiler üçin çeýelik we innowasiýa esasy saýlama faktoryna öwrülýän smartfon dizaýnynda täze döwürden habar berip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir