«Bedew» gurluşyk harytlary dükanyndan indi ESW (ЕЦВ) guýy nasoslaryny, şeýle hem dürli pudaklarda ulanylýan STANDART, SHIMGE brendleriniň uly we kiçi göwrümli suw nasoslaryny sargyt edip bolýar. Şeýle hem onlaýn dükan telekeçiler we hususy kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilendigini habar berdi. Indiden beýläk, «Bedew» ykjam goşundysyndan we bedew.com.tm saýtyndan ähli harytlary baha üýtgemezden, hasapdan töleg geçirmek arkaly hem satyn alyp bolýar. «Bedew» onlaýn dükanynyň artykmaçlyklarynyň hatarynda şulary hem agzap bolar: islendik adam harytlary 3 aýdan 1 ýyla çenli garaşaryna satyn alyp bolýar; açyk-aýdyň, amatly bahalar; mugt eltip bermek we beýleki hyzmatlar; bedew.com.tm saýtynyň üsti bilen ýa-da «Bedew gurluşyk harytlary» mobil goşundysyny telefonyňa ýükläp alyp, islän harydyň bahasyny anyklap, onlaýn sargyt edip bolýar.; 10000-den gowrak dürli görnüşli gurluşyk harytlary; ähli görnüşde tölegler kabul edilýär. Şeýle hem «Bedew» onlaýn dükany ýurdumyzyň welaýat merkezlerine (Türkmenbaşy, Türkmenabat, Mary, Daşoguz), Ahal welaýatynyň çägine kiçi göwrümli harytlara amatly bahalardan eltip bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. «Bedew» gurluşyk harytlary mobil goşundysyny şu salgylara basyp, ýükläp alyp bilersiňiz: Google Play ýa-da AppStore Saýty: bedew.com.tm Tel: +99362657222

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir