ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (USAID) türkmen telekeçisi Iskander Kerimow bilen bilelikde Türkmenistanyň senetçilerini öz işlerini ösdürmäge hem-de bar bolan hyzmatdaşlyk platformalary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga çagyrýar. USAID-iň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu başlangyja gatnaşyjylar beýleki senetçiler bilen terjibe alyşmaga we öz ugurlarynda iň amatly çözgütleri gözden geçirmäge mümkinçilik alarlar. Saýlanan senetçiler sanly marketing, sosial başarnyklar we işewürlik boýunça okuwlaryň diňleýjileri bolarlar. Mundan başga-da, maksatnama Özbegistana we Gyrgyzystana saparlary öz içine alýar we oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy ýola goýmak, logistika meselelerini çözmek we tejribe alyşmak üçin goşmaça mümkinçiliklere eýe bolarlar. Dalaşgärler taslama gatnaşmak üçin 13-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli arza tabşyryp bilerler. Maksatnama iň üstünlikli dalaşgärleriň gatnaşjakdygy bellenilýär. Taslamanyň maksady Türkmenistandaky senetçileri goldamakdan we ösdürmekden ybarat. USAID we türkmen telekeçisi Iskander Kerimow senetçilere öz işlerini ösdürmäge we başarnyklaryny berkitmäge kömek etjek tejribeler bilen paýlaşmak, gymmatly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin platforma hödürleýär.