AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň “Ahal” we “Pahtakor” toparlarynyň arasyndaky 4-nji tapgyr oýnundan öň geçirilen metbugat maslahatynda “Pahtakoryň” tälimçisi Maksim Şaskih we ýarym goragçy Diýor Holmatow žurnalistleriň soraglaryna jogap berdiler. Maksim Şaskih taýýarlanmak üçin wagtyň çäkli bolandygyna garamazdan, toparyň oýna emosional taýdan gowy ýagdaýda barýandygyny belledi. Ol oýnuň ýokary derejeli boljakdygyna we toparyň janköýerlerini begendirjekdigine ynam bildirdi. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň geçenki oýunlarynda toparyň şowsuz başlamagynyň sebäbi baradaky soraga jogap hökmünde tälimçi toparyň oýunlardaky artykmaçlyklaryna garamazdan, munuň ýerine ýetirmekdäki kynçylyklar bilen baglanyşyklydygyny belledi. Ol toparyň “Ahal” bilen oýna has jogapkärli taýýarlanandygyny we ýokary hili hem-de gowy netijäni görkezmekçidigini aýtdy. Şaskih toparyň häzir, toparçadan çykmak bilen diňe ýeňiş ugrunda göreşjekdigine ynam bildirdi. Ol oýunçylaryň gowy oýun görkezmegi we üç utuk gazanmagy maksat edinýändigini belledi. Tälimçi Aşgabat şäheriniň gözelligi we ululygy baradaky täsirleri bilen hem paýlaşdy. Ol şäheriň gijelerine hasam owadandygyny belläp geçdi. “Ahal” bilen “Pahtakoryň” arasyndaky oýun 7-nji noýabrda “Aşgabat” stadionynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir