Gazagystan bilen Türkmenistan maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak baradaky şertnama gol çekmek isleýär. “Gazagystan Respublikasynyň hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak baradaky şertnamanyň taslamasyny tassyklamak” – diýip, KazTAG agentligi hökümetiň kararynyň taslamasyna salgylanyp habar berýär. Şertnamanyň düzgünleriniň bir şertnama baglaşýan tarapyň döwletiniň maýadarlary tarapyndan beýleki şertnama baglaşýan tarapyň döwletiniň çäginde amala aşyrylan we soňky şertnama baglaşýan tarapyň döwletiniň milli kanunyna laýyklykda, olaryň şertnama güýje girmezden öň ýa-da soň edilendigine garamazdan ykrar edilen ähli maýa goýumlaryna degişli ulanylmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, düzgünler bolup geçen wakalardan gelip çykýan haýsydyr bir talaplara ýa-da şertnama güýje girmezden ozal öňe sürlen talaplara degişlilikde ulanylmaz. “Şertnamanyň maksady maýa goýumlar üçin oňaýly şertleri döretmekden we goldamakdan hem-de iki tarapyň maýadarlarynyň maýa goýumlaryna öz döwletleriniň çäklerinde adalatly we deňhukukly režimi, goragy we howpsuzlygy bermekden ybarat” – diýlip, resminama üçin düşündiriş ýazgysynda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir