11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar. Filmiň görkezilişi 16:00-da bolar. Giriş tölegsiz. Filmi goýujy kinorežissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň aýtmagyna görä, filmde ilkinji söýginiň döredýän duýgulary, gahrymanlaryň durmuşynda garaşylmadyk we gyzykly wakalar, milli toý däp-dessurlary barada gürrüň berilýär. Film ýaşlaryň toýdan öňki duşuşyklary, durmuş toýuna görülýän taýýarlyk pursatlary we ilkinji çaganyň dünýä inmegi ýaly möhüm bölümleri degişme bilen özünde jemleýär. Gyzykly durmuş wakalary we gülkünç sahnalar filmiň tutuş ýordumyny düzýär. Oýun, henek we degişme filmiň gahrymanlaryna mahsusdyr, bu hem batyrlyk we döredijilik ýaly häsiýetleri açýar. Filmde degişme ulanyp, adamlaryň ownuk we düzedip boljak kemçilikleri ýuwaşlyk bilen ýaňsa alynýar. Filmiň kinorežissýory Isgendermuhammet Annamuhammedowyň we filmiň edebi ýazgysyny ýazan Öre Daşgynowyň sözlerine görä, filmiň esasy maksady ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak we olara dogry terbiýe bermekdir. Filmiň baş gahrymanlarynyň keşplerini ýaş aktýorlar Serdar Artykow, Ogulşat Jumaýewa, Perhat Babaýew we Döwran Saryýew dagy ýerine ýetirýär. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş kinorežissýory tarapyndan döredilen «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper film tomaşaçylary köp gezek ýylgyrtjak maşgala filmidir.