2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Ahal welaýatynyň çägindäki kitaphanalara ýazylan okyjylar 8 müň 500-den geçip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 105 müň 250-ä golaýlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Geçen döwürde dürli mazmunly kitaplaryň 360 müň 700-den gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 54 müňi, çeper edebiýatlaryň 126 müňi, çagalar edebiýatlarynyň 103 müňi, beýleki neşirleriň hem 80 müňe golaýy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bellenilişi ýaly, welaýatyň kitaphanalarynyň bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany hem artýar. Ýylyň başyndan bäri kitaphana işgärleri tarapyndan elektron kataloga salnan kitaplaryň sany 8 müňden geçdi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir