Türkmen döwlet maliýe instituty milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ykdysadyýet boýunça V onlaýn Olimpiadany geçirdi. Olimpiada Türkmenistanyň 16 ýokary okuw mekdebinden 64 talyp gatnaşdy we ol aýratyn we toparlaýyn ýaryş görnüşinde geçirildi. Aýratyn hasapda birinji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Merdan Babamyradow eýeledi. Ikinji orny şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Ogulmaýsa Amandurdyýewa we ýurduň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Nazar Seýidow eýeledi. Üçünji orny Jeýhun Muhammetdurdyýew (Türkmen döwlet maliýe instituty), Bereket Şatlykow (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) we Berdimyrat Berdiýew (Türkmen oba hojalyk instituty) paýlaşdy. Toparlaýyn hasapda maliýe institutynyň talyplary birinji orny eýeledi. Ikinji orna Türkmen oba hojalyk institutynyň topary mynasyp boldy. Üçünji orny Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary eýeledi. Toparlaryň netijeleri gatnaşyjylaryň utuklarynyň jemi boýunça kesgitlendi. Ýeňijiler we baýrak eýeleri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandy. Bu Olimpiada Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.